Amerikaly diplomatlaryň Ummanda Husileriň wekilleri bilen duşuşandygy we Gyzyldeňizdäki dartgynlygyň ortadan aýrylmagy we gämileriň howpsuzlygy meselesiniň seljerlendigi öňe sürüldi.
Duşuşygyň ýekşenbe güni ABŞ-nyň Ummanyň paýtagty Maskatdaky ilçihanasynda geçirlendigi nygtaldy.
Amerikaly diplomatlaryň duşuşykda ABŞ bilen Husileriň arasynda 2025-nji ýylyň maý aýynda atyşygyň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşygyň dowam etdirilmegini we halkara söwda-da uly rol oýnaýan Babulmendeb bogazynyň açylmagyny talap edendigi ýatladyldy.
MASLAHAT BERILÝÄR
Husileriň wekilleriniň bolsa resmi Waşington bilen gazanylan ylalaşyga goldaw berýändiklerini we hüjümlerde diňe Saud Arabystanyna degişli gämileri nyşana alandyklaryna ünsi çekendigi nygtaldy.






















