Russiýa "älem giňişliginde ýaraglanma ýaryşynyň öňüni almak üçin gyssagly anyk ädimleriň edilmelidigini" mälim etdi.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň baş sekretary Troý Meýnkiň metbugat işgärlerine "giňişlige gözegçilik etmek üçin zerur ýaraglary bar" diýen sözleriniň üstünde durup geçdi.
Zaharowa ABŞ-nyň bu meselede zyýanly ugra eýerýändigini aýtdy we munuň ýaramaz netijelere eltip biljekdigini nygtap: "Waşington öz dar bähbitleri üçin älem giňişligindäki islendik ýaragly çaknyşyklaryň adamzat üçin betbagtçylykly netijelerini düýbünden görmezlige taýýar. Bu älem giňişligindäki barlaglaryny we ýurtlaryň älem giňişligini öwrenmek ukybyny howp astyna salýar we Ýer ýüzündäki köp sanly sosial we ykdysady proseslere howp döredýär. Älem giňişliginde ýaraglanma ýaryşynyň öňüni almak üçin gyssagly anyk ädimler edilmelidir" diýip belledi.
Metbugat wekili Zaharowa älem giňişliginde ýaraglaryň ýerleşdirilmegini gadagan etmek boýunça gepleşikleriň dessine başlanmalydygyny aýtdy.



















