Malaýziýaly resmiler Borneo adasynyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Sarawakda dikuçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli 5 adamyň ýogalandygyny habar berdi.
Mesele hakynda berlen beýannama görä, ýurduň Uçýan Lukman hyzmaty gullugyna degişli BO-105 kysymly dikuçar sişenbe güni günortadan soň Miri şäheriniň 315 kilometr günorta gündogarynda heläkçilige uçrady.
Şäher häkimliginden berlen beýannamada “Ýangyn söndüriş we gözleg we halas ediş edarasy bilen Saglygy goraýyş ministrliginden berlen habarnamada heläkçilikde dikuçardaky 5 adamyň ýogalandygy bellenildi” diýildi.
Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri heläkçilikde 1uçarmanyň, 1 lukmanyň we3 şepagat uýasynyň bardygyny habar berdi.
Heläkçiligiň sebäbiniň anyklanylmagy üçin işiň gozgalandygy bellenildi.















