Eýranly resmiler, ABŞ-nyň düýn agşam Eýrana garşy başladan we ir ertire çenli dowam eden hüjümlerinde azyndan 18 adamyň ýogalandygyny, 76 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.
Ormuzgan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Ahmed Nefisi, ABŞ-nyň Sirik etrabynyň Kuheştek obasynda toýa guran hüjüminde 4 adamyň ýogalandygyny, 68 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Huzistan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Weliullah Haýaty bolsa düýn welaýatda 3 ýere guralan raketa hüjüminde 7 adamyň ýogalandygyny, 8 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.
Ynkylap goragçylary goşuny tarapyndan berlen beýannamada hem Kirmanşah welaýatynda howa güýçleri serkerdeligine guralan hüjümde 4 esgeriň ýogalandygy, Lawan adasyna guralan hüjümde bolsa Besij güýjüne agza 3 adamyň ýogalandygy bellenildi.
ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi düýn agşamlara Eýranda Ynkylap Goragçylary goşunyna degişli ýerlere hüjüm guralandygyny habar beripdi.



















