Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, ýurdy bilen Ukrainanyň ylalaşyk gazanmalydygyny nygtady.
Wladimir Putin Wladiwostok şäherinde geçirlen 11-nji Gündogar ykdysadyýet forumyna gatnaşdy.
Forumda çykyş eden Putin, ABŞ-nyň Ukraina kriziniň çözülmeginden soň Russiýa bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürjekdigine ünsi çekdi.
Putin “Russiýa bilen Ukraina öz aralarynda ylalalşyk gazanmaly. ABŞ we Hytaý bilen birlikde beýleki ýurtlar bu etaba goldaw bermäge taýar. Mesele çaknyşýan taraplaryň arasynda çözülmeli. Çaknyşýan taraplar hem Russiýa bilen Ukraina. Meseläniň çözülmegi we çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin tagalla edýän her bir adama minnetdarlyk bildirýäris. Çözgüt üçin mümkinçilik barmy? Meniň pikirime görä bar”diýip belledi.
Wladimir Putin iki ýurduň razwetka gullugynyň arasyndaky gepleşikleriň dowam edýändigini ýatlatdy.
Ýurdunda başdan geçirilýän ýangyç ýetmezçiligi meselesi barada hem durup geçen Putin, “ähli taraplaýyn taýar bolmalydyrys” diýdi.






















