Prezidentiň Diwanynyň VII Halkara Ýelkenli bäsleşikleriniň üçünji etaby bolan Ýeňiş Kubogy etaby tamamlandy.
Prezidentiň howandarlygynda Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen Ýaşlar we sport ministrliginiň goldaw bermeginde, Stambulyň gubernatorly bilen Stambul Açyk Deňiz ýahta ýaryş kluby tarapyndan geçirlen Prezidentiň Diwanynyň VII Halkara Ýelkenli bäsleşikleriniň Ýeňiş Kubogy etabyna 58 komanda bilen 600-den gowrak türgen gatnaşdy.
Ýeňiş kubogy etaby 30-njy awgust Ýeňiş baýramyna bagyşlanyp geçirlen çäreleriň çäginde Çyragan köşgüniň öňünden başlady.
600 türgeniň gatnaşmagynda Çyragan köşgünde başlan bäsleşik Arnawutköýe çenli dowam etdi.
Ýeňiş Kubogyna Selim Kakyşyň ýolbaşçylygyndaky “Zajapa” gämisi eýe boldy.
Oguz Aýanyň ýolbaşçylygyndaky “Angels Of JMJ Holding” komandasy ikinji orna, Lewent Peýnirjiniň ýolbaşçylygyndaky “Enka” komandasy bolsa üçünji orna eýe boldy.
Stanbul Açyk deňiz ýahta ýaryş klubynyň başlygy Ekrem Ýemlihaoglu, 30-njy awgust Ýeňiş baýramyna bagyşlanyp şeýle guramaçylygy geçirýändikleri üçin buýsanýandyklaryny belledi.
Ekrem Ýemlihaoglu, “600-dan gowrak türgenimiziň baýdagymyz bilen bezelen ýelkenliler bilen geçiren bu bäsleşigi şanly taryhymyza we ýeňişimiziň mirasyna gelişýär”diýdi.






















