GAZADAKY URUŞ
1 minut okamak
Ysraýylyň Gaza garşy guran hüjümlerinde ýene-de bäş palestinaly ýogaldy
Gazada ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň güýje giren güni bolan 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda bäri, Ysraýylyň guran hüjümlerinde 1522 adam ýogaldy we 5421 adam ýaralandy.
Ysraýylyň Gaza garşy guran hüjümlerinde ýene-de bäş palestinaly ýogaldy
Ysraýylyň Gaza garşy guran hüjümlerinde ýene-de bäş palestinaly ýogaldy

Ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşyga garamazdan, Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy guran hüjümlerinde 5 palestinaly ýogaldy we 22 palestinaly bolsa ýaralandy.

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligi 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde hasaba alnan pidalar barada iň soňky maglumatlary paýlaşýan ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşyga garamazdan, Ysraýylyň Gazadaky hüjümleriniň dowam edendigi we soňky 24 sagadyň dowamynda 5 palestinalynyň jesediniň hassahanalara getirilendigi, olaryň 4-siniň täze hüjümlerde ölendigi we biriniň harabalyklaryň aşagyndan çykarylandygy, 22 adamyň bolsa ýaralanandygy aýdylýar.

Beýanatda 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda gazanylan ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň güýje girmeginden bäri Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde 1522 adamyň ölendigi we 5421 adamyň ýaralanandygy habar berildi. Şeýle hem, şol döwürde harabalyklaryň aşagyndan 839 adamyň jesediniň çykarylandygy bellenildi.

Beýanatda 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 74480 adama ýetendigi, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 175539 adama ýetendigi habar berildi.

Gaza zolagynda harabalyklaryň aşagynda müňlerçe adamyň jesediniň bardygy çak edilýär.