DÜNÝÄ
1 minut okamak
BMG Ysraýylyň Gaza hüjümleriniň dowam edýändigini duýdurýar
Birleşen Milletler Guramasy (BMG) Ysraýylyň Gazadaky hüjümleriniň we ynsanperwer kömeginiň eltilmegine päsgelçilikleriň dowam edýändigini habar berýär.
BMG Ysraýylyň Gaza hüjümleriniň dowam edýändigini duýdurýar
Birleşen Milletler Guramasy (BMG) atyşygy bes etmek hakyndaky ylalaşyga garamazdan Ysraýylyň Gazadaky hüjümleriniňdowam edýändigini mälim etdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Farhan Hak gündelik metbugat brifinginde çykyş etdi.

Hak ylalaşyga garamazdan Gazanyň ähli sebitlerinde  düýn we öňňin köp sanly howa hüjümleriniň, artilleriýa ot açyşlarynyň, denizden od açyşlaryň we ýaragly hüjümleriň hasaba alnandygyny nygtady. Ol bu düzgün bozulmalaryň esasan "Sary liniýa" atlandyrylýan ýeriň günbatarynda bolandygyny aýtdy.

Hak: "Biz raýatlaryň we raýat infrastrukturasynyň goralmalydygyny hemişe nygtaýärys" diýdi.

Hak BMG-niň we onuň hyzmatdaşlarynyň Gaza gyssagly zerur bolan enjamlary eltmäge dowam edýän hem bolsa, ynsanperwer kömeginiň möçberiniň ýerlerdäki zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin ýeterlik däldigine ünsi çekdi.

Farhan Hak: "Hyzmatdaşlarymyz kömek tagallalarynyň maliýe ýetmezçiligi we Ysraýylyň döredýän päsgelçilikleri sebäpli çäklendirilýändigini aýdýärlar. Ulaglar üçin ýaglar we ätiýaçlyk şaýlary ýaly esasy importlara çäklendirmeler, şeýle hem Gazanyň 64 göteriminden gowragyna giriş çäklendirmeleri bar” diýdi.