DÜNÝÄ
1 minut okamak
Kreml: Putin Eýranyň çaknyşygy çözmek bilen bagly beren teklibini Trampa ýetirdi
Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Eýranyň konfliktiň mümkin bolan çözgüdi baradaky garaýşyny ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa ýetirendigini aýtdy.
Kreml: Putin Eýranyň çaknyşygy çözmek bilen bagly beren teklibini Trampa ýetirdi
Kreml: Putin Eýranyň çaknyşygy çözmek bilen bagly beren teklibini Trampa ýetirdi

Peskow žurnalistlere Putiniň düýn Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşligi barada jikme-jik maglumat berdi.

Peskow Putiniň Türkmenistanda geçirilen Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň (GDA) döwlet baştutanlarynyň sammitinde Eýranyň prezidenti Mesud Pazeşkiýan bilen iki gezek duşuşandygyny we bu duşuşyklaryň birinde Putiniň Pezeşkiýana ABŞ-nyň prezidenti Tramp bilen boljak telefon gepleşigi barada habar berendigini aýtdy.

Peskow: "Eýranyň Prezidentiniň tassyklamagy bilen Putin Trampa eýran tarapynyň konfliktiň mümkin bolan çözgüdi baradaky garaýşyny ýetirdi" diýdi.

Putin ABŞ-nyň Ukraina baradaky tekliplerini makullady

Peskow telefon söhbetdeşliginde Ukraina meselesiniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp: “Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Russiýanyň prezidenti Putin ABŞ-nyň dartgynlylygy azaltmak boýunça ädimler baradaky käbir tekliplerine düşünýändigini bildirdi” diýdi.

Peskow şeýle hem Trampyň başlangyjy bilen geçirlen bu telefon söhbetdeşliginiň uly böleginiň Ukraina meselesini çözmäge bagyşlanandygyny we liderleriň bu meseläni jikme-jik ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp düýn Russiýanyň prezidenti Putin bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşligi barada beren beýanatynda söhbetdeşligiň "örän netijeli bolandygyny" aýdyp: "Russiýanyň tiz wagtda Amerika we dünýä bazarlaryna 300 müň tonnadan gowrak dizel ýangyjyny, noýabr aýynda goşmaça 500 müň tonna, ondan soň bolsa 1 million tonna ibermek barada ylalaşyk gazanyldy" diýip habar berdi.

Tramp şeýle hem Russiýanyň dizel ýangyçlaryny gaýtadan işleýän zawodlarynyň ýagdaýyna baglylykda ýakyn geljekde goşmaça 3 million tonna dizel ýangyjyny iberjekdigini belledi.