Merkezi Amerika ýurdy bolan Panamada 7,7 bal ululygynda güýçli ýer titremesi bolup, ýurduň merkezi böleginde binalaryň we ýollaryň ýumrulmagyna sebäp boldy. Ilkinji habarlarda ýogalan adamlaryň ýokdugy aýdylýar.
Prezident Hose Raul Mulino anna güni bolan ýer titremesini "uly betbagtçylyk" diýip atlandyrdy we güýç merkezine golaý ýollaryň weýran bolandygyny aýtdy. Mulino pidalaryň bolup-bolmandygy barada maglumat bermedi.
Milli Raýat Gorag Sistemasynyň maglumatlaryna görä, ýer titremesi takmynan 4,5 million ilaty bolan Merkezi Amerika ýurdunyň ähli ýerinde duýuldy.
Ýer titreme takmynan 1 minut dowam etdi.
Ýer titremäniň güýç merkezinden takmynan 200 kilometr uzaklykda ýerleşýän paýtagt Panama şäherinde beýik binalarda ýaşaýan adamlar howsala düşüp öýlerinden çykdylar.
Sunami duýduryşy berildi.
ABŞ-nyň Geologiýa gözegçiligi gullugy (USGS) ýer titremesiniň GMT wagty bilen 17:56-da, Herrera welaýatyndaky Pitaloza Arriba şäherçesinden 10 kilometr uzaklykda bolandygyny aýan etdi.
USGS ilki ýer titremesiniň güýjüni 8,0 bal diýip kesgitledi, ýöne soňra ony 7,7-ä çenli täzeledi.
Ýuwaş okeanynyň gündogary üçin yglan edilen sunami duýduryşy birnäçe wagt soň ýatyryldy.
Kolumbiýanyň, Ekwadoryň we Gwatemalanyň liderleri raýdaşlyk habarlaryny iberdiler we kömek teklip etdiler.
Uly ýer titremesinden soň 80-den gowrak gezek ýer yranmasy hasaba alyndy.
Panamada ýer titremeleri seýrek bolýar we adatça Kosta-Rika bilen serhetdeş günbatar welaýaty Çirikide hasaba alynýar.
Ýerli geologiýa ylymlary instituty 80-den gowrak ýer titremesiniň hasaba alnandygyny, olaryň biriniň 6,0 baldan ýokary bolandygyny aýan etdi.
Bilim ministrligi ýurduň ähli mekdeplerinde okuwlaryň togtadylandygyny yglan etdi.
Panamadaky ýer titremesi şu ýyl Latyn Amerikasynda bolan 7,0 baldan ýokary bolan dördünji ýer titremesidir.
Iýun aýynda Wenesuelanyň Guaýra sebitinde birnäçe weýran ediji ýer titremesi boldy, awgust aýynda bolsa Kolumbiýanyň günbatarynda güýçli ýer titremesi boldy.




















