TÜRKIÝE
3 minut okamak
Türkiýe we Hytaý kosmos tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça ylalaşyga gol çekdi
Türk we hytaýly inženerler serhet howpsuzlygy hem-de uzak sebitlerde ýerleşýän senagat kärhanalary üçin hemra esasly ulgamlary işläp düzerler.
Türkiýe we Hytaý kosmos tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça ylalaşyga gol çekdi
Türkiýe we Hytaý TÜRKSAT bilen China Satcom arasynda gol çekilen bilelikdäki ylalaşygyň çäginde kosmos tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlyk ederler. / َAA

Türkiýe bilen Hytaý «TÜRKSAT» we «China Satcom» kompaniýalarynyň arasynda gol çekilen bilelikdäki ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleri (YBTKI), önüm öndürmek hem-de täjirçilik baradaky ylalaşygyň çäklerinde kosmos tehnologiýalary boýunça bilelikdäki işleri alyp bararlar.

“Anadolu” habarlar agentliginiň (AA) «Global aragatnaşyk boýunça hyzmatdaşy» bolup çykyş edýän Halkara Kosmos Federasiýasynyň (IAF) guramagynda geçirilýän 77-nji Halkara Kosmos Kongresi (IAC 2026) Türkiýäniň Senagat we tehnologiýalar ministrliginiň utgaşdyrmagynda, Türkiýäniň Kosmos gullugynyň (TUA) hem-de “SAHA Stambul” guramasynyň ýer eýeçiliginde Antalýadaky NEST Kongres merkezinde dowam edýär.

Kongresiň çäklerinde türk kompaniýalary öz önümlerini tanyşdyrýarlar we halkara hyzmatdaşlar bilen möhüm ylalaşyklara gol çekýärler.

“Anadolu” habarlar agentliginiň habarçysynyň alan maglumatlaryna görä bu çäkde «TÜRKSAT» bilen Hytaýda ýerleşýän hemra operatory «China Satcom» kompaniýasynyň arasynda tehnologiýalary öndürmek boýunça giň gerimli teswirnama gol çekildi.

«TÜRKSAT» kompaniýasynyň sergi meýdançasynda geçirilen dabarada resminama «TÜRKSAT» kompaniýasynyň hemra hyzmatlary boýunça baş müdiriniň orunbasary Selman Demirel we «China Satcom» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Ma Haýtsuan gol çekdiler.

Ylalaşyk iki ýurduň inženerçilik tejribesini we mümkinçiliklerini birleşdirip, ylmy-barlag işlerini geçirmegi, önümleri işläp taýýarlamagy hem-de täjirleşdirmegi maksat edinýär.

Täzeçil önümler we çözgütler işlenip taýýarlanar

Şeýlelikde, geçen ýyl iki edaranyň arasynda mümkinçiliklerden bilelikde peýdalanmak arkaly başlanan hyzmatdaşlyk Parižde geçirilen Bütindünýä kosmos senagaty hepdeliginde kabul edilen çözgütleriň esasynda has-da giňeldildi.

Hyzmatdaşlygyň indi gönüden-göni enjam we tilsimat üpjünçiligini işläp taýýarlamak tapgyryna geçmegi netijesinde, Türkiýe bilen Hytaýyň arasynda kosmos tehnologiýalary babatda bilelikdäki ylmy-barlag işlerine we önümçilige gönükdirilen täze tapgyr başlandy.

Hytaý bilen baglaşylan bu ylalaşygyň çäklerinde «TÜRKSAT» we «China Satcom» kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy arkaly uarçamansyz uçarlaryň aragatnaşyk ulgamlaryny, hemra esasly enjamlaryň internet tehnologiýalaryny we akylly serhet howpsuzlygy ulgamlaryny öndürmek meýilleşdirilýär.

Ylalaşygyň netijesinde «TÜRKSAT» kompaniýasy häzirki wagtda eýe bolan hemra we aragatnaşyk çözgütlerini doly işläp taýýarlamak mümkinçiliklerini täze tehnologiýa we ulanyş ugurlaryna utgaşdyryp, hödürleýän çözgütleriniň gerimini has-da giňelder.

Bazaryň zerurlyklaryny seljermekden, ilkinji nusgalary işläp taýýarlamaga, synag we tassyklaýyş tapgyrlaryndan täjirleşdirmäge çenli ähli işleri öz içine alýan bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde türk we hytaýly inženerler bilelikde işläp, täzeçil önümleri hem-de çözgütleri taýýarlarlar.

Ylalaşygyň ýene-de bir möhüm ugry akylly serhet howpsuzlygy we enjamlaryň interneti (IoT) tehnologiýalary bilen baglydyr. Şol maksada laýyklykda ýerüsti aragatnaşyk ulgamlary bolmadyk sebitlerde ulanmak üçin ýörite enjamlary öndürmek göz öňünde tutulýar.

Energetika, oba hojalygy we logistika ýaly pudaklarda ulanylýan enjamlary, hat-da mobil aragatnaşyk ulgamlary bolmadyk, ilatly ýerlerden alysdaky sebitlerde hemra arkaly dolandyrmaga ukyply bolan enjamlaryň hem ylalaşygyň çäklerinde işlenip taýýarlanylmagy meýilleşdirilýär.

Dünýäniň ençeme sebitlerinde ýerüsti aragatnaşyk infrastrukturasynyň ýetmezçiligi, ýurtlaryň serhet howpsuzlygynda we senagat maglumatlarynyň alyş-çalşygynda uly boşluk emele getirýär. «TÜRKSAT» we «China Satcom» kompaniýalarynyň arasynda baglaşylan bu ylalaşygyň netijesinde, hatda ykjam aragatnaşyk beketleriniň ýa-da süýüm-optiki torlaryň ýetmezçilik edýän, çylşyrymly geografik sebitlerinde hem maglumatlary dessine geçirmäge ukyply akylly hemra gözegçilik ulgamlary we zatlaryň interneti tehnologiýalary işlenip taýýarlanylar.

«TÜRKSAT» hemra arkaly hödürlejek toplumlaýyn enjam we tilsimat üpjünçiligi boýunça çözgütleriniň netijesinde, dünýä derejesindäki tehnologiýa ekoulgamynyň öňdebaryjy üpjün edijileriniň birine öwrülmegi nazarda tutýar.

Mundan başga-da, ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleriniň hem-de önüm öndürmek boýunça işleriň netijeli alnyp barylmagyny üpjün etmek maksady bilen, iki edara deň derejede wekilçilik ediljek Bilelikdäki utgaşdyryjy komitet dörediler. Geçirilýän işler her çäreýekde seljeriler.