DÜNÝÄ
1 minut okamak
Türkiýe, Müsür, Pakistan we Saud Arabystany bilelikdäki beýanatda Husileriň hüjümlerini ýazgardylar
Dört ýurtdan ybarat bolan R4 topary hüjümleriň netijeleri üçin Husileriň "doly jogapkärçilik çekjekdigini" yglan etdi.
Türkiýe, Müsür, Pakistan we Saud Arabystany bilelikdäki beýanatda Husileriň hüjümlerini ýazgardylar
Türkiýe, Müsür, Pakistan we Saud Arabystany bilelikdäki beýanatda Husileriň hüjümlerini ýazgardylar

Türkiýe, Pakistan, Saud Arabystany we Müsür bilelikde beren beýanatlarynda Saud Arabystanyna garşy dowam edýän Husi hüjümlerini, şol sanda Riýaddaky Şa Halid halkara howa menziline garşy guralan ölüm howply hüjümi ýazgardylar.

Dört ýurtdan ybarat bolan R4 toparynyň ýekşenbe güni beren beýanatynda hüjümleriň asuda ilatyň ölümine we ýaralanmagyna, şeýle hem raýat infrastrukturasyna we desgalaryna zyýan ýetmegine sebäp bolandygy aýdylýar we munuň halkara hukugynyň aç-açan düzgün bozulmasydygy nygtalýar.

Beýanatda hüjümleriň "Saud Arabystanynyň özygtyýarlylygynyň we territorial bitewiliginiň agyr bozulmagy, şeýle hem ýurduň howpsuzlygyna, durnuklylygyna we raýatlarynyň janyna gönüden-göni howp salýandygy" aýdylýar.

Saud Arabystanyna raýdaşlyklaryny bildiren ýurtlar, hüjümlere garşy durmak, howp çeşmelerini saklamak we şuňa meňzeş hüjümleriň gaýtalanmagynyň öňüni almak üçin Riýad hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasy we halkara hukugynyň çäklerinde ätjek ähli kanuny ädimlerini doly goldaýandyklaryny mälim etdiler.

Beýanatda Husileriň hüjümleriň netijeleri we sebitleýin we halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna howp salýan islendik mümkin bolan wakalar üçin "doly jogapkärçilik çekjekdigi" aýdylýar.

R4 topary hüjümleriň "dessine we şertsiz bes edilmegini" talap etdi.