Eýranyň Prezidentiniň diwanyndan berlen beýana görä Pezeşkiýan bilen Mirzoýan paýtagt Tähranda duşuşdy.
Pezeşkiýan duşuşykda eden çykyşynda: “ABŞ bilen biziň aramyzdaky mesele, her gezek gepleşik stoluna oturan mahalymyzda bize urşuň mejbur edilmegidir” diýdi. Ol Waşingtonyň gepleşikleriň dowamynda Eýrana üç gezek hüjüm edendigini aýdyp, munuň “ABŞ-nyň gepleşik geçirmek islemeýändigini, tersine, Eýrany ýok etmek niýetiniň bardygyny görkezýändigini” belledi.
Ýurdunyň ýadro işleri boýunça dogruçyllygyny ençeme gezek subut edendigini aýdan Pezeşkiýan, Eýranyň Halkara Atom Energiýasy Gullugy tarapyndan iň köp derňelýän ýurtlaryň biridigini aýtdy. Pezeşkiýan muňa garamazdan, ABŞ-nyň “esassyz aýyplamalar” bilen Eýrana basyş edýändigini belledi.
Pezeşkiýan Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) münberinden ýadro işleri boýunça gözegçilige we gepleşiklere açykdyklaryny aýdandygyny, emma geçirilen her bir gözegçilikde Eýranyň ýadro desgalarynyň we alymlarynyň anyklanyp, olaryň janyna kast edilendigini hem nygtady.
ABŞ-nyň Minab şäherindäki mekdebe edilen hüjüm we bu hüjümde ýogalan 168 çaga üçin hasabat bermändigini, muňa garamazdan, adam hukuklary hakda gürrüň edýändigini aýdan Pezeşkiýan: “Mydama janyna kast ediş işlerini edýän, sanksiýalar girizýän, basyş edýän we ylalaşyklary bozýan duşman (ABŞ) bilen gepleşik geçirmek ýerlikli däl we halkymyz muny kabul etmeýär” diýdi.






















