DÜNÝÄ
1 minut okamak
Eýran: "Tramp gepleşik geçirip hem, uruş alyp baryp hem bilmeýär"
"Tramp batgalykda galdy."
Eýran: "Tramp gepleşik geçirip hem, uruş alyp baryp hem bilmeýär"
Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Muhsen Rezai

Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Muhsen Rezai ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy nyşana alyp: "Tramp gepleşik geçirip hem, uruş alyp baryp hem bilmeýär" diýdi.

Eýran metbugatynda çap edilen habarlara görä, Rezai paýtagt Tähranda Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň geňeşçisi Şahin Mustafaýew bilen duşuşdy.

Rezai duşu’ykda beren beýanatynda: "ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana hüjümleri ähli halkara kanunlarynyň düzgünlerini bozýar we Eýran özüni uly güýç bilen gorady. Tramp batgalyga batdy. Tramp ne gepleşik geçirip bilýär, ne-de uruş alyp baryp bilýär" diýdi.

Rezai öz ýurdunyň ABŞ-na şertler hödürländigini ýatladyp, Trampyň karar kabul etmek üçin ýeterlik derejede başarnyksyzdygyny öňe sürüp: "ABŞ söweş meýdanyndaky umytsyzlygy sebäpli howa blokadasyna ýüz tutdy" diýdi.

Rezai daşary ýurtlularyň taryhda bu sebitden köp gezek gelip-gidendigine garamazdan, Eýranyň bu geografiýanyň möhüm bölegi bolmagynda galandygyny aýtdy.

Rezai ABŞ-nyň sebitde geljeginiň ýokdugyny aýtdy we öz ýurdunyň ABŞ-a garşy berk durýandygyny nygtady.