DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ukraina: “Russiýanyň hüjümlerinde 8 adam ýogaldy
Howa güýçleri 7 raketa bilen 220 drony hatardan çykardy.
Ukraina: “Russiýanyň hüjümlerinde 8 adam ýogaldy
Ukraina: “Russiýanyň hüjümlerinde 8 adam ýogaldy

Ukraina rus goşunynyň düýn gije guran howa hüjümlerinde 8 adamyň ýogalandygyny, 22 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Mesele hakynda berlen ýazmaça beýannamada, rus goşunynyň düýn gije paýtagta howa hüjümini gurandygy nygtaldy.

Hüjüm sebäpli 2 adamyň ýogalandygy, 22 adamyň ýaralanandygy bellenildi.

Beýannamada bombaly hüjüm sebäpli paýtagtda 50-den gowrak desga zeper ýetirlendigi nygtaldy.

Harkowa guralan hüjümde hem 6 adamyň ýogalandygy, 12 adamyň hem ýaralanandygy ýatladyldy.

Odessa şäherine guralan hüjümde bolsa 2 adamyň ýaralanandygyna üns çekildi.

Ukrainanyň howa güýçlerinden berlen beýannamada hem 7 raketa bilen dürli görnüşli 220 dronyň hatardan çykarlandygy ýatladyldy.