DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýa Britaniýanyň geňeşçi ilçisini Daşary işler ministrligine çagyrdy
Moskwa Londonyň alyp barýan syýasatynyň çaknyşyklaryň möwjemegine sebäp bolýandygy barada duýduryş berdi.
Russiýa Britaniýanyň geňeşçi ilçisini  Daşary işler ministrligine çagyrdy
Russiýa Britaniýanyň geňeşçi ilçisini Daşary işler ministrligine çagyrdy

Russiýanyň Daşary işler ministrligi, Britaniýanyň Ukraina berýän dron we ýarag kömegini artdyrandygy sebäpli Britaniýanyň geňeşçi ilçisini ministrlige çagyrdy.

Daşary işler ministrligi, Britaniýanyň alyp barýan syýasatlarynyň çaknyşyklaryň möwjemegine sebäp bolýandygyna ünsi çekdi.

Beýannamada Britaniýanyň uzak aralyk hüjüm ýaraglaryny bermek bilen Londonyň Ukrainanyň “gandöküşikli aksiýalaryna şäriklik “edýändigi nygtaldy we ady agzalýan hereketler “terrorizm” we “harby jenaýat” hökmünde häsiýetlendirildi.

Moskwa mundan başgada Britaniýanyň Ukraina ýarag kömegini bermek bilen halkara jogapkärçiliklerini basgylaýandygyny öňe sürdi we Londonyň hereketleriniň howply bolandygyny mälim etdi.

Beýannamada “Russiýa Britaniýanyň bu tutumyny degişli gaýtawuly görkezmek hukugyny saklaýar”diýildi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Londonyň meçew beriji syýasatlaryndan ýüz öwürmegi we halkara jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmegi üçin çagyryş edildi.