ABŞ-nyň Wekiller palatasy, Eýrana guralýan hüjümleriň bes edilmegi üçin Prezident Donald Trampa sebitdäki esgerleriň yza çekilmegi üçin görkezme berýän “söweş ygtyýary talamasyny” kabul etdi.
Wekiller palatasynda, Demokrat partiýaly halk deputaty Set Moulton tarapyndan hödürlenen kanun taslamasy sese goýuldy.
Eýrana guralýan hüjümleriň bes edilmegi maksady bilen Trampa “Sebitdäki esgerleriň yza çekilmegi üçin görkezme berýän” kanun talamasy 220 ses bilen kabul edildi. 204 halk deputaty bolsa “garşy” ses berdi.
Taslama “kabul” sesini berenleriň 7-i Respublikan partiýanyň agzasy.
ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň Daşarky gatnaşyklar komitetiniň demokrat agzasy Gregory Meeks mesele barada beren ýazmaça beýannamasynda, Eýran bilen 200 günden bäri dowam edýän söweşde Trampyň adminstrasiýasynyň maksadyna ýetip bilmändigini nygtady.
Söweş sebäpli ýangyjyň nyrhynyň artandygyny, infilýasynyň ýokarlandygyny nygtan Meeks, hökümetiň çykdajylarynyň ýokarlamagyny berk tankyt etdi.

















