Alžiriň resmi habarlar gullugy “APS” Daşary işler ministrligine esaslanýan habarynda, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň mümkin däldigi sebäpli BAE bilen diplomatik gatnaşyklaryň kesilendigini habar berdi.
Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada “BAE-niň meçew beriji we duşmançylykly hereketlerine garamazdan Alžir, parasatly çemeleşdi. Döwletara gatnaşyklara sarpa goýmaga dowam etdi. BAE-niň bu tutumyndan ýüz öwürmegi üçin uly tagalla etdi”diýildi.
Berlen duýduryşlara garamazdan BAE-niň duşmançylykly tutumyny dowam etdirendigi sebäpli Alžiriň hökümetiniň BAE bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesmek barada karar kabul edendigi nygtaldy.
Beýannamada BAE-niň Alžirdäki ilçisiniň Daşary işler ministrligi çagyrlandygy we ady agzalýan karar hakynda maglumat berlendigi bellenildi.
Beýannamada şeýle hem ilçä ýurdy terk etmegi üçin 48 sagatlyk möhlediň berlendigi ýatladyldy.
Alžir 2026-njy ýylyň fewral aýynda BAE bilen 2013-nji ýylda baglaşylan howa hyzmatlary şertnamasynyň bes edilmegi üçin resmi taýdan işe girişendiklerini mälim edipdi.
BAE Alžiriň karary barada heniz hiç hili beýannama bermedi.
Alžiriň Prezidenti Abdulmejid Tebbun geçen ýylyň oktýabr aýynda ýurdunyň BAE-den daşary Aýlag ýurtlary bilen ýakyndan gatnaşyk edýändigini aýdypdy.
Prezident Tebbun ýurdunuň Saud Arabystany, Kuweýt, Oman we Katar bilen edýän gatnaşyklaryny “doganlyk gatnaşyklary” hökmünde häsiýetlendiripdi.



















