DÜNÝÄ
1 minut okamak
Iordaniýa: Eýranyň ýurduna guraýan hüjümlerini “bilkastlaýyn” hökmünde häsiýetlendirdi
Eýranyň Daşary işler ministri Eýranyň hüjümleriniň “ar almak” bolmandygyny aýtdy.
Iordaniýa: Eýranyň ýurduna guraýan hüjümlerini “bilkastlaýyn” hökmünde häsiýetlendirdi
Iordaniýa: Eýranyň ýurduna guraýan hüjümlerini “bilkastlaýyn” hökmünde häsiýetlendirdi

Iordaniýanyň Daşary işler ministri Aýmen as-Safedi, Eýranyň ýurduna garşy guran hüjümleriniň “ar almak” bolmandygyny aýtdy.

Safedi Awstriýanyň Daşary işler ministri Beate Meinl-Reisinger bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Iordaniýanyň Daşary işler ministri Safedi, Eýran bilen başdan geçirilýän krizisiň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegi baradaky tagallalara goldaw berýändiklerini we dartgynlygyň sebäbiniň giňişleýin seljerilmelidigini nygtady.

Safedi Ormuz bogazynda gämileriň howpsuz ýagdaýda syýahat etmeginiň kepillendirilmelidigine we goňşuçylyk gatnaşyklaryna sarpa goýulmalydygyna ünsi çekdi.

Eýranyň ýurduna guraýan hüjümlerini ýazgaran Safedi, Eýranyň hüjümleriniň ar almak bolmandygyny nygtady we hüjümleri bilkastlaýyn hökmünde häsiýetlendirdi.