Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyny “parlaýan ýyldyz” hökmünde häsiýetlendiren Preizdent R. T. Erdogan, Türkiýäniň gurama agza ýurtlar bilen edýän gatnaşyklaryny ähli taraplaýyn ösdürmek isleýändigini nygtady.
Prezident Erdogan “ŞHG 3,5 milliardlyk ilaty we 35 trilionlyk milli girdejisi bilen köp merkezli dünýä ulgamynyň ýüz öwrülmesiz elementlerinden biridir” diýdi.
Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçirilen ŞHG-nyň liderler sammitinde çykyş eden Prezident Erdogan “Türkiýe hökmünde daş-töweregimizde başdan geçirilýän çaknyşyklaryň bes edilmegi, durnuklylygyň we asudalygyň ýola goýulmagy üçin tagalla etmäge dowam edýäris” diýdi.
Çykyşynda Ysraýylyň hüjüm ediji syýasaty hakynda hem durup geçen Erdogan “Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gazada we Liwanda 74 müňden gowrak adamyň ýogalandygyny ýatdan çykarmalyň. Şol hüjümleriň jerimesini tutuş sebitimiz çekýär” diýdi.
Türkiýäniň howa çalşygynyň ýaramaz täsirleriniň ortadan aýrylmagy üçin öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmegi maksat edinýändigini aýdan Prezident R. T. Erdogan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler sammitine gatnaşýan döwlet we hökümet baştutanlaryny noýabr aýynyň 11-12-i aralygynda Antalýada geçiriljek COP-yň 31-nji sammitine çagyrdy.

























