“Watikan Nýus” saýtynyň berýän habaryna görä, Papa ýekşenbe güni geçirlen dini dabarada eden çykyşynda, Ysraýylyň Günbatar Şeriada palestinlilere edýän zulumynyň bes edilmelidigini nygtady.
Papa, Günbatar Şeriada palestin halkyna edilýän zulumyň bes edilmegi üçin çagyryş etdi.
Halkara jemgyýetçiligine ýüzlenen Papa, iki döwetli çözgüde we durnukly parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edilmegi barada çagyryş etdi.
BMG-nyň 12-nji awgustda beren beýannamasynda, Günbatar Şeriada Ysraýylyň palestinlilere edýän zulumynyň gün saýyn artýandygyna üns çekilipdi.
BMG 2026-njy ýylyň başyndan bäri Palestinde 260 ýere 1430 hüjümiň guralandygyny, hüjümler sebäpli esasy bölegi çagalardan ybarat 3 müň 800 adamyň ýaşaýan ýerini terk edendigini mälim edipdi.

















