Günorta Amerika ýurdy bolan Kolumbiýada düýn bolan 7,4 bal ululygyndaky ýer titremesi 132 adamyň ölümine sebäp boldy.
Kolumbiýanyň Paýtagtlarynyň Assosiasiýasy (Asocapitales) ýurtda bolan 7,4 bal ululygyndaky ýer titremesinden soň soňky ýagdaý barada beýanat berdi.
Beýanata görä, ýer titremesinde ölenleriň sany 132 adama ýetdi, 700-den gowrak adam ýaralandy.
Milli metbugatyň habaryna görä, ýer titremesinden iň köp zyýan çeken Pereira, Kali, Kibdo, Manisales we Armenia şäherlerinde gyzyl duýduryş yglan edildi we howpsuzlyk sebäpli bu şäherlerde köçä çykmak gadagançylygy girizildi.
Gözleg we halas ediş işleriniň üznüksiz dowam edýän şäherleriniň arasynda iň köp pida bolan şäher Pereira bolup, ol ýerde 60 adam pida boldy.
Metbugatyň habaryna görä, 188 adamyň dereksiz ýitendigi habar berilýär we ýogalan adamlaryň sanynyň has-da artmagyndan howatyrlanylýar.
Ýurduň üçünji uly şäheri bolan Kali şäherinde ýer titremesi sebäpli käbir ýollar weýran boldy we 10 hassahana hyzmat bermeýär, paýtagt Bogotadan we Medellinden gözleg we halas ediş toparlary goldaw bermek üçin sebite iberildi.
Kibdo we Manizales şäherlerinde ýer titremesi suw, elektrik energiýasy, telekommunikasiýa we ulag hyzmatlarynda bökdençliklere sebäp boldy.



















