Syn we garaýyşlar
SYÝASAT
4 minut okamak
Türkiýe-Yrak gatnaşyklarynda täze tapgyr: Deňagramlylyklar üýtgär
Ankara bilen Bagdadyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegi energiýa pudagy taydan hem diýseň möhüm. Yragyň nebitiniň diňe günortadan däl, eýsem demirgazykdan hem satylmagy maksat edinilýär.
Türkiýe-Yrak gatnaşyklarynda täze tapgyr: Deňagramlylyklar üýtgär
Türkiýe-Yrak gatnaşyklarynda täze tapgyr: Deňagramlylyklar üýtgär

Türkiýe Yragyň we Siriýanyň galkynmagy bilen birlikde, Ormuzda gabaw astynda galan nebitiň dünýä bazarlaryna ýetirilmegini maksat edinýär.

Türkiýedäki degişli guramalar soňky günlerde Yrak meselesi bilen ýakyndan gyzyklanýar. Iki ýurduň wekiliýetleri syýasy, harby we ykdysady taýdan ösdürilmegi meselesini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdy.

Energiýa meselesi özara gatnaşyklaryň we gün tertibiniň özenini emele getirýär. Resmi Ankara we resmi Bagdat tarapyndan berlen beýannamalar nebit, tura geçirijiler we energiýa üpjünçiligi ýaly meseleleriň gün tertibinde esasy orun eýelejekdigini görkezýär.

Yrak täze daşary syýasat döwrüne gadam basdy

ORSAM-yň Yrak boýunça barlaglarynyň utgaşdyryjysy Feýzullah Tuna Aýgün soňky ýyllarda başdan geçirlen käbir wakalaryň netijesinde resmi Bagdadyň daşary syýasatda özüni çäklendirýän päsgelçiliklerden halas bolmaga başlandygyny nygtaýar.

Sebitdäki aktýorlar bilen has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýän Yragyň esasy daýanjy bolsa Ösüş Ýoludyr. Bu taslamanyň we stoldaky beýleki meseleleriň durmuşa geçirilmegi üçin Yragyň özbaşyna hereket etmegi mümkin görünmeýär. Aýgüniň pikirine görä, sebitdäki esasy güýçleriň biri bolan Türkiýe hut şu ýerde meselä degişli bolýar.

Prezident R. T. Erdogan bilen Yragyň Premýer-ministri Zeýdi iki ýurduň arasyndaky täze döwrüň binagärleri hökmünde öňe çykýar.

“Türkiýe bilen Yragyň bilelikde amala aşyrjak işleri tutuş sebite öz täsirini ýetirer

Aýgün bu ýerde möhüm bir meselä ünsi çekýär. Mysal üçin, ýakyn wagta çenli Yragyň metbugatynda “Türkiýe suwumyzy keser. 48 sagadyň içinde suw gutarar” diýen ýaly hakykata laýyk gelmeýän habarlar ýaýradylýandygyny ýatladýar.

Şeýle habarlaryň Ankara bilen Bagdadyň arasyndaky ösüşe päsgel bermek isleýänler tarapyndan ýaýradylandygyny hem belleýär.

Emma wekiliýetleriň arasynda gepleşikleriň geçirilmegi we liderleriň arasynda ynamyň ýola goýulmagy bilen bularyň ählisiniň yzda galandygyny nygtaýar.

Häzirki wagtda Yragyň demirgazygyndaky nebitiň satylmagy meselesiniň gün tertibinde esasy orun eýeleýandigini nygtaýar we sözlerini şeyle dowam etdirýär:

“Yrak esasan ýurduň günortasyndaky ýataklardan öndürilýän nebiti satýar. ABŞ–Ysraýyl–Eýran urşy başlamazdan öň bu ýerden günde 4,5 million barrel nebit satylýardy. Emma urşuň başlamagy bilen bu görkeziji pese düşdi. Günde 4,5 million barrel ýaly möhüm görkeziji aýda 30 million barrel derejesine çenli azaldy.

Bu maglumatlara meseläniň maliýe tarapy bilen birlikde garamak gerek. Yragyň girdejileriniň 90 göterimi nebit satuwyndan alynýar. Bu ýerdäki mesele gönüden-göni döwletiň gaznasyna we ýurtdaky ähli ulgamlara ýaramaz täsir edýär. Krizis çuňlaşýar, sebäbi Yragyň nebitiň ornuny tutup biljek başga girdeji çeşmesi ýok.

Türkiýe hut şu ýerde meselä degişli bolýar. Yragyň demirgazykdaky ugruň täzeden ünsleri özüne çekmegi üçin amatly şert döretmek isleýär. Aslynda bu turbageçiriji Yragyň günortasyndan demirgazygyna çenli uzap gidýän ugryň gaýtadan işlemegine mümkinçilik berýär. Eger meýilnamalar garaşylşy ýaly amala aşsa, Yrak günorta ýataklarynda öndürilýän nebiti ýurduň demirgazygyndan hem satyp biler. Açyk çeşmelerdäki maglumatlara görä, häzirki wagtda 10 göterim bilen çäklendirilen demirgazykdan nebit satuwy şeýlelikde 50 göterime çenli ýokarlanyp biler. Bu bolsa Yragyň döwlet hazynasy üçin örän möhüm girdeji çeşmesi diýmegi aňladar.”

Ormuzda gabaw astynda galan nebit üçin hem çykalga bolar

Habaryň başynda “Türkiýe bilen Yragyň ýakyndan gatnaşyk etmegi tutuş sebite oňyn täsirini  ýetirer” diýipdik.

Feýzullah Tuna Aýgün bu mesele barada hem aýratyn durup geçýär. Ol Pars aýlag ýurtlaryndan dünýä bazarlaryna iberilýän nebitiň uruş sebäpli Ormuz bogazynda gabalyp galandygyny ýatladýar.

 Mundan başga-da, Ormuzda ýagdaý kadalaşsa-da, öňki düzgüniň saklanyp-saklanmajakdygynyň näbelli bolmagynda galýandygyny belleýär. Eýran hem, ABŞ hem Ormuz bogazyndan geçişlerden töleg alyp biljekdiklerini ýygy-ýygydan nygtaýar.

Aýgün Türkiýäniň goldawy bilen Yrakdaky bar bolan infrastrukturanyň ösdürilmeginiň, döwrebaplaşdyrylmagynyň we netijede netijeli işleýän ulgama öwrülmeginiň Pars aýlagy sebitine hem gönüden-göni täsir etjekdigini aýdýar.

Yrakdaky turbageçirijiler üçin Türkiýäniň örän möhüm ähmiýete eýedigini belläp geçdik. Emma etap diňe munuň bilen çäklenmeýär. Mälim bolşy ýaly, Yragyň Kerkük ýataklaryndan çykarylýan çig nebitiň Siriýanyň üsti bilen Ortaýer deňziniň kenaryndaky Banyas portuna ýetirilýän turbageçirijisi hem bardy. Bu energiýa geçirijä ABŞ-nyň 2003-nji ýylda guran hüjüminde uly zeper ýetirlipdi, uzak wagtlap ýapyk galdy. Indi bu ugruň hem täzeden işe girizilmegi meselesigün tertibine getirildi. 30 aýlyk işiň netijesinde ony täzeden dikeltmegiň mümkindigi barada gürrüň edilýär.

Elbetde, bu ýerde-de Türkiýe bu meselede uly rol oýnar. Ankara bilen Yragyň hem-de Siriýanyň hökümetleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanýan döwründe Türkiýäniň bu etapda uly rol oýnamagyna garaşylýar.