SYÝASAT
1 minut okamak
Tramp Sizinpin bilen duşuşygynyň netijeli geçmegini umyd edýär
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Owal ofisde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.
Tramp Sizinpin bilen duşuşygynyň netijeli geçmegini umyd edýär
Tramp Sizinpin bilen duşuşygynyň netijeli geçmegini umyd edýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy bilen geçirjek duşuşygynyň netijeli geçmegini umyd edýändigini aýtdy.

Donald Tramp 23-nji sentýabrda Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy bilen geçirjek duşuşygyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belledi.

Tramp “Netijeli duşuşyk geçireris. Hytaý bilen ýakyndan gatnaşyk edýäris. Döwlet Ýolbaşçysy Szinpin bilen gowy gatnaşyk edýäris” diýdi.

Donald Tramp Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy bilen emeli aň bilen birlikde birnäçe mesele barada pikir alyşjakdygyny ýatlatdy.

Hytaýa goýlan salgytlary artydrandygyny we bu meseläni ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny aýdan Tramp, iki ýurduň arasyndaky tarifleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýändigini belledi.