Ysraýylyň harby goşuny ylalaşyga garamazdan Liwanyň günortasyna guraýan hüjümlerini dowam etdirýär.
Ysraýyl Liwanyň günortasynda ýerleşýän bir mekdebi partlaýjy maddalary bilen ýykdy.
Liwanyň resmi NNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ysraýyla degişli harby uçarlar, Liwanyň günortasynda ýerleşýän Hanin we Kantara etraplaryna howa hüjümini gurady.
Sur şäheriniň Mansuri etrabyndaky käbir ýaşaýyş jaýlaryna hem hüjüm guraldy.
Beýleki tarapdan Ysraýylyň harby goşuny Kefrtebnit etrabyndaky Şehit Mahmud Fakih mekdebini partlaýjy maddalary bilen ýykdy.
Ysraýylyň harby goşuny Liwana garşy 2-nji martdan bäri guraýan hüjümlerini dowam etdirýär.
Ysraýyl Liwanyň günortasynda ýerleşýän onlarça etrapçany basyp aldy.
Liwanyň hökümeti Ysraýylyň hüjümleri sebäpli ýurtda öýlerini terk edenleriň sanynyň 1 milliondan geçendigini mälim edipdi.




















