ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 11-nji sentýabr hüjümleriniň 25-nji ýylynda şu gün Pentagonda geçiriljek hatyralama çäresine gatnaşar.
11-nji sentýabr hüjümleri ABŞ-nyň daşary syýasatynyň we milli howpsuzlygynyň gaýtadan gözden geçirilmegine sebäp boldy.
2001-nji ýylda Al Kaida agza başbozarlaryň uçarlar bilen guran hüjüminde Nýu-Ýorkdaky Bütindünýä söwda merkezinde, Pentagonda we Pensilwaniýadanyň golaýynda 3 müňe golaý adam ýogaldy.
Hüjümler Brown uniwersitetiniň “Jost of War” ýagny “Urşuň gymmaty” atly taslamasyna görä, Yragyň we Owganystanyň basyp alyşlygyny hem öz içine alýan döwürde 4,5-4,7 million adamyň ýogalmagyna sebäp boldy.
Wise-prezident Wensiň gatnaşmagynda Nýu-Ýorkda geçiriljek hatyralama çärelerine ABŞ-nyň ozalky prezidentleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çarşenbe güni 11-nji sentýabr hüjümleriniň 25-njy ýylynda çap eden “Watanperwerlik güni 2026” atly jarnamasynda ýurduň goranyş kuwwadyny güýçlendirmegi wada berdi.
Tramp sişenbe güni Ak Tamyň golaýynda geçirlen çärede eden çykyşynda hüjümde ýogalanlary asla ýatdan çykarmajakdyklaryny belledi.
Tramp 11-nji sentýabr hüjümlerini taryhda wagty hüjümden öň we hüjümden soň hökmünde iki bölege aýyrýan az sanly wakalardan biri hökmünde häsiýetlendirdi.



















