TÜRKIÝE
1 minut okamak
Ankaranyň 8 aýlyk eksporty 20,7 göterim artdy
Paýtagt Ankaranyň ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan 8 aýlyk eksporty geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 20,7 göterim artyp 12 milliard 156 million dollara barabar boldy.
Ankaranyň 8 aýlyk eksporty 20,7 göterim artdy
Ankaranyň 8 aýlyk eksporty 20,7 göterim artdy

Ankaranyň Söwda bileleşiginden berlen ýazmaça beýannama görä, paýtagtyň eksporty üstümizdäki ýylyň 8 aýlyk döwründe geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 2 milliard 85 million dollar artdy.

8 aýlyk eksport 20,7 göterim artyp 12 milliard 156 million dollara barabar boldy.

Ankaranyň geçen aýdaky eksporty 2025-nji ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 2,9 göterim artyp 1 milliard 347 million dollara barabar boldy.

Ankaraly firmalar tarapyndan öndürlen önümler awgust aýynda 168 ýurda eksport edildi.

Eksport sanawynda ABŞ, Slowakiýa, Ukraina we Hytaý esasy orun eýeledi.

Ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan döwürde ankaraly firmalar ABŞ-na 976,5 million dollarlyk, Slowakiýa 885,4 million dollarlyk, Ukraina 861,9 million dollarlyk we Hytaýa 768,1 million dollarlyk önüm eksport etdi.