Russiýanyň Federal harby we tehniki hyzmatdaşlyk edarasynyň başlygy Dmitriý Şugaýew Russiýanyň “Westi” teleýaýlymyna beren beýannamasynda, Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky harby-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda maglumat berdi.
Howa goranyş ulgamlarynyň Eýran bilen edilýän hyzmatdaşlygyň özenini emele getirýändigini nygtan Şugaýew, bu meseläniň uzak ýyllardan bäri iki ýurduň gün tertibinde esasy orun eýeleýändigini belledi.
Şugaýew “Eýranyň inwentarynda ýer alýan Russiýada öndürlen S-300 howa goranyş ulgamlary täsirli işleýär”diýip belledi.
Iki ýurduň arasynda başga ýarag ulgamlary baradaky gepleşikleriň dowam edýändigini aýdan Şugaýew, howa enjamlarynyň we ýeňil ýaraglaryň satuwy meselesiniň hem seljerilýändigini nygtady.























