Pakistanyň paýtagty Yslamabad şäherindäki hassahananyň täze doglan çagalar bölüminde bolan ýangyn 15 bäbegiň ölümine sebäp boldy.
“Geo News” kanalynyň habaryna görä, paýtagt Yslamabadyň Pakistanyň lukmançylyk ylymlary institutynyň (PIMS) täze doglan çagalar bölüminde ýerli wagt bilen sagat 06:45-de kondisioneriň kompressorynyň partlamagy netijesinde ýangyn çykdy.
Ýolbaşçylar ýangyn wagtynda bölümde bolan bäbekleriň diňe biriniň halas edilendigini, 15 bäbegiň bolsa ýogalandygyny aýan etdiler.
Halas ediş toparlary ýangynyň söndürilendigini we wakanyň bolan ýerinde sowatmak boýunça işleriň dowam edýändigini habar berdiler, ýangynyň sebäbini derňemek üçin derňew toparynyň döredilendigi habar berildi.






















