Filippiniň günortasynda litseýe guralan ýaragly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä, 4 adam ýogaldy, 9 adam ýaralandy.
Milli howpsuzlyk gullugyndan berlen beýannamada, ýurduň günortasynda ýerleşýän Zamboanga şäherindäki litseýde dersleriň başlamagynyň öňüsyrasynda ýaragly hüjümiň guralandygy nygtaldy.
Beýannamada mekdebe sapança bilen giren hüjümçiniň litseýiň soňky synpynda okaýandygy bellenildi.
Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 2 okuwçy bilen 2 howpsuzlyk gullukçysynyň ýogalandygy, 9 adamyň ýaralanandygy bellenildi.
Filippiniň Prezidenti Ferdinand Markos, howpsuzlyk güýçlerine hüjüm bilen arabaglanşykly giň gerimli işiň gozgalmagy üçin görkezme berdi.
Prezident Markos şeýle hem ýolbaşçylardan mekdeplerde okuwçylaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin degişli çäreleriň görülmegini isledi.
Ýurtda iýun aýynda başga bir mekdebe guralan ýaragly hüjümde hem 3 okuwçy ýogalypdy, 5 okuwçy hem ýaralanypdy.



















