Gresiýada soňky hepdede Günbatar Nil wirusy bilen bagly 45 täze ýagdaýyň anyklanandygy habar berildi.
Gresiýanyň Milli Saglygy Goraýyş Guramasynyň (EODY) berýän maglumatlaryna görä 5-12-nji awgust aralygynda ýurtda Günbatar Nil wirusy bilen bagly 45 täze ýagdaý anyklanyldy.
Üstümizdäki ýylyň başyndan hassalyga ýoluganlaryň umumy sanyny 110-a ýetirýär.
MASLAHAT BERILÝÄR
Şeýle hem ýylyň başyndan bäri ýurtda Günbatar Nil wirusy sebäpli ölenleriň sanynyň 9 bolandygy habar berildi.
Günbatar Nil wirusynyň ýüze çykan esasy ýerleri paýtagty Afiny we onuň töweregini öz içine alýan Attika sebitidir.























