DÜNÝÄ
1 minut okamak
Sybiha, parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin liderleriň duşuşmalydygy nygtady
Sybiha söweşiň bes edilmegi üçin Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň duşuşmalydygyny aýtdy.
Sybiha, parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin liderleriň duşuşmalydygy nygtady
Sybiha, parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin liderleriň duşuşmalydygy nygtady

Ukrainanyň Daşary işler ministri Andrii Sybiha ýurdunda saparda bolýan Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy.

Sybiha bilen Baýramow Ukrainanyň Daşary işler ministrliginde bolan duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministri Sybiha ýurdunyň Azerbaýjan bilen edýän gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

“Orta koridor” ýaly taslamalarda Azerbaýjan bilen edýän gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändiklerini ýatladan Sybiha, “Günorta Kawkaz we Orta Aziýa ýurtlary bilen edilýän gatnaşyklar biziň üçin diýseň möhüm” diýdi.

Sybiha, Ukraina bilen Azerbaýjanyň biri-biriniň territorial bitewiligine we özygtyýarlygyna goldaw berýändigini nygtady.

Sybiha söweş sebäpli Gara deňizde guralan hüjümlerde Azerbaýjanyň raýatlarynyň ýogalmagy we ýaralanmagy sebäpli Baýramowa gynanç bildirdi.

Söweşiň bes edilmegi üçin ähli pursatlardan ýerlikli peýdalanmak isleýändiklerini aýdan Sybiha “Zelenskiý-Putin duşuşygy söweşiň bes edilmeginde uly rol oýnar” diýdi.