DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýanyň Kiýewe guran howa hüjüminde 9 adam ýogaldy
Rus harby goşunynyň Ukrainanyň paýtagty Kiýewe guran howa hüjüminde azyndan 9 adamyň ýogalandygy, 28 adamyň ýaralanandygy habar berildi.
Russiýanyň Kiýewe guran howa hüjüminde 9 adam ýogaldy
Russiýanyň Kiýewe guran howa hüjüminde 9 adam ýogaldy

Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda Russiýanyň şu gije paýtagta raketa hüjümini gurandygyny mälim eti.

Hüjümiň ýerli wagt bilen 02.36-da guralandygyny aýdan Kliçko, Kiýewe ballistiki raketalaryň atylandygyny belledi.

Kliçko hüjüm sebäpli paýtagtyň käbir merkezlerine zeper ýetirlendigini ýatlatdy.

Ilkinji kesgitlemelere görä, hüjümde 9 adamyň ýogalandygyny ýatladan Kliçko, 4-i çaga 28 adamyň hem ýaralanandygyny belledi.

Ukrainanyň harby goşnunyndan berlen beýannamada bolsa ýurda garşy guralýan hüjümleriň dowam edýändigi nygtaldy.