DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ukraina uçarmansyz howa ulaglary bilen Russiýa hüjüm gurady
Ukrainanyň prezidenti Zelenskiý ýurduň harby güýçleriniň front liniýasyndan uzakda ýerleşýän Rostowdaky eksport terminalyna we Ýaroslawldaky we Udmurtiýadaky nebit desgalaryna hüjüm gurandygyny aýtdy
Ukraina uçarmansyz howa ulaglary bilen Russiýa hüjüm gurady
Ukraina uçarmansyz howa ulaglary bilen Russiýa hüjüm gurady

Ukraina Russýa ýüzlerçe uçarmansyz howa ulagy bilen hüjümler amala aşyrdy; rus resmileriniň maglumatyna görä, hüjümlerde 1-i çaga bolan azyndan 5 adam ýogaldy.

Resmileriň aýtmagyna görä, duşenbe güni agşam bolan hüjümlerde käbir binalar, şol sanda köp sanda jaý we ammarlar ýandy.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Facebook hasabyndan beren beýanatynda, Ukrainanyň harby güýçleriniň front liniýasyndan uzakda ýerleşýän Rostowdaky eksport terminalyna we Ýaroslawldaky we Udmurtiýadaky nebit desgalaryna hüjüm gurandygyny belläp: "Düýn gije uzak aralykly hüjümlerimiz Rostow sebitinde netijeli boldy. Front liniýasyndan takmynan 250 kilometr uzaklykda ýerleşýän eksport terminalyna hüjüm guraldy. Uzak aralykly hüjümler Ýaroslawl sebitindäki we Ukrainanyň döwlet serhedinden 1300 kilometr uzaklykda ýerleşýän Udmurtiýa Respublikasyndaky nebit desgalaryna gönükdirildi" diýip habar berdi.

Ukraina bilen serhetdeş Belgorod sebitinde ýerli resmiler ukrain uçarmansyz howa ulaglarynyň iki çaga bilen birlikde 12 adamy ýaralandygyny we köp otagly jaýda ýangyn döredendigini habar berdiler.

Russiýanyň Goranmak ministrligi howa goranyş ulgamynyň bir gijede 276 sany uçarmansyz howa ulagyny ýok edendigini aýan etdi.

Öwren
Berlinde ulag  ýöriş geçirýän märekäniň içinden geçdi
Eýran, Hazar deňzindäki söwda gämisine guralan hüjüm bilen bagly Ukrainany günäkärleýär
Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerinde 7 adam ýogaldy
Eýranyň Mejlisiniň başlygy: “Ysraýyl musulman ýurtlarynyň esasy duşmany”
Ukraina degişli dronlar Sankt-Peterburgyň golaýyndaky ammary nyşana aldy
Russiýa Ukrainada 3 porta hüjüm gurandygyny habar berdi
Russiýanyň Leningrad sebitindäki Wildberries ammaryna UHU hüjüminde üç adam ýaralandy
Ysraýylyň goşuny Gazadaky käbir öýleri howa hüjümleri bilen nyşana aldy
ABŞ-nyň goşuny Eýrandaky harby nyşanalara täze hüjümler gurady
Ukrainanyň lideri: "Russiýanyň Pawlograda guran hüjüminde üç adam öldi" diýdi
Pakistanda we Hindistanda aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli ýogalanlaryň sany artýar
Ýemendäki Husiler Gyzyl deňizde Saud Arabystanyna degişli tankerlere hüjüm gurady
Eýranyň Huzistan welaýatynda ABŞ-nyň raketa hüjümlerinde iki adam ýogaldy
ABŞ-nyň Eýranda B-1 harby uçarlaryny gaýtadan ulanmaga başlandygy öňe sürüldi
Ysraýylyň Gaza hüjümlerinde soňky 24 sagatda 12 adam ýogaldy
ABŞ bilen Ysraýylyň Minab şäherinde mekdebe guran hüjüminde ýogalan 32 çaga soňky ýoluna ugradyldy
Russiýanyň günortasyndaky Wildberries logistika merkezlerine UHU-lar bilen hüjümler guraldy
Eýran ABŞ-nyň ýadro desgalaryny nyşana alsa, sebitleýin hüjümleri amala aşyrjakdygyny duýdurdy
ASEAN dartgynlyklaryň möwjeýän günlerinde jebislik çagyryşyny berdi
Halil al-Haýýe Hamasyň syýasy lideri hökmünde bellendi