DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ukraina degişli dronlar Sankt-Peterburgyň golaýyndaky ammary nyşana aldy
Ukrainanyň guran dron hüjümi Sankt-Peterburg sebitindäki ammarda ýangyna sebäp boldy.
Ukraina degişli dronlar Sankt-Peterburgyň golaýyndaky ammary nyşana aldy
Ukraina degişli dronlar Sankt-Peterburgyň golaýyndaky ammary nyşana aldy

Ýerli ýolbaşçylaryň we “AFP” habarlar gullugynyň habarçysynyň berýän maglumatyna görä, Ukraina degişli dronlar anna güni ir ertir Sankt-Peterburg şäheriniň golaýyndaky ammary nyşana aldy. Hüjüm taryhy şäherde ýangyna sebäp boldy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hüjümlerde Rus Wildberries firmasyna degişli ammaryň nyşana alynandygyny habar berdi.

Firma şäherdäki iki ammarynyň wagtlaýyn ýapylandygyny mälim etdi emma mesele hakynda giňişleýin maglumat bermedi.

Sankt-Peterburg şäheriniň häkimi Aleksandr Beglow, sosial media arkaly beren habarnamasynda “Sankt-Peterburg şäheri harby maksatly dron hüjümine sebäp boldy. Hüjümde şäheriň infrastrukturasy nyşana alyndy” diýdi.

Ukraina geçen hepde hem Wildberries firmasyna degişli birnäçe desga hüjüm gurapdy.

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý firmanyň rus güýçlerini harby enjam bilen üpjün edýändigine ünsi çekipdi.

Ukraina hüjümleriň Russiýanyň düýn gije birnäçe şähere guran raketa we dron hüjümlerine degişli gaýtawulyň görkezilmegi maksady bilen guralandygyny habar berdi.