ABŞ-nyň goşunynyň Eýranda B-1 harby uçarlaryny ulanmaga gaýtadan başlandygy habar berildi.
“Axios” habarlar gullugynyň ABŞ-nyň resmilerine salgylanyp beren habaryna görä, ABŞ-nyň Eýranyň Ynkylap goragçylary güýçlerine degişli nyşanalara hüjüm guramak üçin B-1 harby uçarlaryny ulanmaga başlandygy mälim edildi.
MASLAHAT BERILÝÄR
Bu uçarlaryň Beýik Britaniýadaky howa bazasyndan uçup, internetde yzarlanandygy we olaryň Eýrandadygy görülendigi aýan edildi.
ABŞ bu uçarlaryň 28-nji fewralda Eýrana garşy başlan hüjümlerinde ulanylandygyny yglan edipdi, ýöne 12 gün mundan ozal täzeden başlan hüjümlerde olaryň ulanylmaga başlananandygy barada hiç hili maglumat berilmedi.




















