ABŞ-nyň Eýranyň Huzistan welaýatynda amala aşyran raketa hüjümlerinde ilkinji maglumatlara görä 2 adam öldi.
Huzistanyň gubernatorlygynyň beýanatyna görä, Eýran bilen Yragyň arasyndaky Şelemçe serhet geçelgesindäki ýolagçy terminaly ABŞ-nyň raketalary tarapyndan nyşana alyndy.
Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 2 adamyň ýogalandygy mälim edildi.
Gubernatorlyk tarapyndan berlen beýanatda terminalda gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini we serhet geçelgesiniň ulag gatnawy üçin açyk galýandygy habar berildi.
Beýleki tarapdan welaýatyň Endimeşk şäheriniň golaýyndaky bir ýeriň hem ABŞ-nyň raketalary tarapyndan nyşana alnandygy aýan edildi.
ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi (CENTCOM) Eýranyň Ormuz bogazynda "söwda gämilerine howp salmak ukybyny gowşatmaga gönükdirilen" täze hüjümler tolkunynyň başlanandygyny yglan edipdi.
Irden tamamlanan operasiýa tolkuny ABŞ-nyň Eýrana garşy soňky döwürlerde yzly-yzyna amala aşyran 12-nji hüjümi hökmünde hasaba alyndy.






















