Şenbe güni berlen beýannama görä, Ukrainanyň Russiýanyň günbataryndaky logistiki merkeze guran dron hüjüminde 7 adam ýogalandy, 24 adam hem ýaralandy.
Paýtagt Moskwanyň töwerekleriniň hem dron hüjümlerine sezewar bolandygy nygtaldy.
Ukraina Russiýa garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär we bu ýagdaýy Moskwanyň 4 ýyldan gowrak wagt bäri ýurduna guraýan hüjümlerine degişli gaýtawulyň görkezilmegi hökmünde häsiýetlendirýär.
Tambow sebitiniň gubernatory Ýewgeni Perwşow, “Duşmanyň dronlarynyň Wildberries logistiki merkezini nyşana almagy sebäpli gijeki nobatda işleýän 7 adam ýogaldy” diýdi.
Perwşow Kotowsk etrapçasyna guralan hüjümde hem 24 adamyň ýaralanandygyny belledi.
Rus Wildberries firmasy tarapyndan berlen beýannamada hem Moskwanyň Kotowsk we Elektrostal etrapçalaryndaky logistiki merkezleriniň hüjüme sezewar bolandygy nygtaldy.
Firma tarapyndan berlen beýannamada, Tombow sebitindäki logistiki merkeze guralan dron hüjüminden soň başlan ýangynyň gözegçilik astyna alynandygy ýatladyldy.
Russiýanyň paýtagty Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin, şenbe güni beren beýannamasynda bir gijede Moskwanyň töwereklerine 370-den gowrak dron hüjüminiň guralandygyny aýtdy.
Sobýanin MAX sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, Moskwanyň golaýynda duşmanyň 64 dronynyň hatardan çykarlandygyny ýatlatdy.



















