Prezident R. T. Erdogan sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Kataryň Emiriniň kakasy Şyh Hamad bin Halife Al Saniniň aradan çykmagyna uly gynanç bildirýärin” diýdi.
Merhum Şyh Hamad bin Halife Al Sani bilen Premýer-ministrli döwründe ýakyndan gatnaşyk edendigini ýatladan Erdogan, “Şyh Hamad bin Halife Al Saniniň Türkiýe bilen Kataryň easyndaky syýasy, harby, söwda we medeni taýdan edilýan gatnaşyklaryň ösdürilmeginde uly rol oýnandygyny, Musulman dünýäsiniň durnuklylygy, sebitiň asudalygy we Katary halky üçin uly tagalla edendigini bilýäris. Merhuma Alladan rehnet dileýärin” diýdi.
Prezident Erdogan ýüzlenmesinde “Gadyrly doganym Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamad Al Saniniň başda durmagynda Emiriň maşgalasyna, dost we doganlyk ýurt kataryň halkyna we musulman dünýäsine öz adymdan, maşgalamyň we halkymyň adyndan gynanç bildirýärin” diýip belledi


















