Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan iýul aýynyň 7-8-i aralygynda paýtagt Ankarada geçiriljek NATO-nyň liderler sammitiniň çäginde Prezidentiň Kompleksinde 32 döwlet we hökümet baştutany bilen duşuşar.
Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Fransiýanyň Prezidenti Emmenuel Makron, Finlýandiýanyň Prezidenti Aleksander Stubb, Slowakiýanyň Prezidenti Peter Pellegrini, Britaniýanyň Premýer-ministri Keir Starmer, Germaniýanyň Federal Kansleri Merz, İtaliýanyň Premýer-ministri Meloni, Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karneý, Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama, Bolgariýanyň Premýer-ministri Rumen Radew we NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte bilen birlikde Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Kosta bilen duşuşar.
Prezident Erdoganyň 7-nji iýulda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşmagyna garaşylýar. Erdogan bilen Tramp özara duşuşykdan soň metbugata beýannama berer.
Prezident Erdogan bilen aýaly Emine Erdogan 7-nji iýulda sammite gatnaşýan ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň we maşgalalarynyň hormatyna Prezidentiň Kompleksinde agşam naharyny berer.
Liderler Beştepe Millet sergi zalynda metbugata aýry-aýry beýannama berer
Prezident Erdogan 8-nji iýulda liderleri aýry aýry garşy alar. Sammite gatnaşýan liderlr ýädigärlik surata düşer.
NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutteniň açylyş çykyşyndan soň Prezident Erdogan we liderler çykyş eder.
NATO-nyň liderler sammitinde gurama agza ýurtlaryň goranmak pudagyna goýulýan maýa goýumlaryň artdyrylmagy, ýüz öwürdijilik we Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar ýaly birnäçe mesele hakynda pikir alyşar.
Sammite 32 ýurduň döwlet we hökümet baştutany bilen birlikde 100-e golaý ministr, ýokary derejeli diplomatlar we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşar.


















