TÜRKIÝE
2 minut okamak
Türkiýe dünýäde ýel energiýasy boýunça 5-nji, gün energiýasy boýunça 10-njy orunda durýar
Türkiýe 2025-nji ýylda ýel energiýasy boýunça täze kuwwatlyklary işe girizmekde dünýäde 5-nji, gün energiýasy boýunça bolsa 10-njy orny eýeledi.
Türkiýe dünýäde ýel energiýasy boýunça 5-nji, gün energiýasy boýunça 10-njy orunda durýar
Muşuň ýelinden takmynan 32 müň hojalyk elektrik energiýasy bilen üpjün edilýär. (Arhiw)

Halkara energiýa seljeriş we öwreniş guramasy BloombergNEF-iň (BNEF) Türkiýäniň energetika pudagyndaky özgertmelerini seljerýän “Turkey Transition Factbook 2026” atly hasabatynda gaýtadan işlenýän energiýa, energiýa ammarlaýyş ulgamlary, batareýa we elektromobil ekoulgamy, sap senagat, uglerod bazarlary hem-de energiýa özgertmeleriniň maliýeleşdirilişi boýunça bar bolan şertler bilen birlikde 2035-nji we 2050-nji ýyllara çenli bolan döwür üçin çaklamalara orun berildi.

Hasabatda beýan edilmegine görä, Türkiýe geçen ýyl ýel energiýasy boýunça täze kuwwatlary işe girizmekde dünýäde 5-nji, gün energiýasy boýunça bolsa 10-njy orny eýeledi. Şeýlelikde ýurt iki tehnologiýa boýunça hem dünýäniň öňdebaryjy bazarlarynyň hataryna goşuldy.

Şol çäkde Türkiýede 2026–2035-nji ýyllar aralygynda jemi 25 gigawat täze ýel energiýasy kuwwatynyň işe girizilmegini meýilleşdirilýär. Gaýatadan Işlenýän Energiýa Çeşmeleri Zolaklary (YEKA) taslamalarynyň degişli döwürde täze ýel energiýasy gurnamalarynyň takmynan 37 göterimini emele getirmegine garaşylýar.

Geçen ýyl ygtyýarnama alan takmynan 19 gigawat kuwwatly energiýa ammarlaýyş ukyby bolan ýel elektrik beketleriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen, Türkiýede gaýtadan işlenýän energiýa kuwwatynyň eslije artmagyna garaşylýar.

Gün energiýasynyň kuwwatynyň 2030-njy ýyla çenli iki esse artmagyna garaşylýar

Türkiýe geçen ýyl gün energiýasy boýunça 6,4 gigawat täze önümçilik bilen dünýäde 10-njy orny eýeledi. Ýurduň gün energiýasy boýunça bar jemi kuwwatynyň 2030-njy ýyla çenli takmynan iki esse artmagyna garaşylýar.

Geçen ýyl ulanmaga berlen täze gün energiýasy önümçiliginiň 84 göterimi esasan şahsy sarp edişi üçin gurlan ygtyýarnamasyz gün elektrik beketlerinden ybarat boldy.

Ygtyýarnamasyz gün energiýasy taslamalary 2026-njy ýylda-da täze gurnamalaryň esasy çeşmesi bolmagynda galar. 2028–2035-nji ýyllarda bolsa YEKA tenderleriniň we uly möçberli maýa goýumlarynyň täsiri bilen ygtyýarnamaly gün beketleriniň eýe bolan paýynyň artmagyna garaşylýar.

Türkiýede batareýa arkaly energiýa ammarlaýyş bazarynyň hem ýakyn gelejekde ýokary depginde ösmegine garaşylýar. Batareýa çykdajylarynyň aşaklamagy, gaýtadan işlenýän energiýa kuwwatynyň artmagy we ýerli önümçilik mümkinçilikleriniň ösmegi netijesinde energiýa ammarlaýyş ulgamyna goýulýan maýa goýumlarynyň artmagyna garaşylýar.