DÜNÝÄ
1 minut okamak
UKMTO: “Ormuz bogazynda bir gämi nyşana alyndy”
Ekipajyň arasynda pidalar bar.
UKMTO: “Ormuz bogazynda bir gämi nyşana alyndy”
UKMTO: “Ormuz bogazynda bir gämi nyşana alyndy”

Gämileriň biriniň Ormuz bogazynda näbelli bir zat bilen nyşana alnandygy mälim edildi.

Beýik Britaniýanyň Deňiz Söwda Operasiýalary (UKMTO) beren ýazmaça beýanatynda Ormuz bogazynda gäminiň motor bölüminiň näbelli bir jisim bilen nyşana alnandygy habar berildi.

UKMTO ekipažyň arasynda pidalaryň bardygyny, käbirleriniň bolsa Omanyň kenarýaka goragçylary tarapyndan halas edilýändigini habar berdi.

Resmileriň wakanyň gerimini derňeýändigi aýan edildi.