Ankaranyň Baş Prokuraturasy tarapyndan geçirilen derňewiň çäginde Alihan Kuriş bilen birlikde bähbit maksatly jenaýat guramasyna garşy operasiýa başladyldy.
Derňew işiniň çäginde guramanyň ýolbaşçylary bilen birlikde 49 şübheli üçin tussag etmek hakynda karar çykaryldy. Ankarada başlan operasiýanyň 17 welaýatda geçirilendigi, jemi 123 salgyda gözleg we ele salmak çäreleriniň görülendigi mälim boldy.
Şol salgylaryň 43-siniň gönüden salgylar, 80-siniň bolsa 33 kompaniýa degişli dürli ýerlerdigi aýdyldy.
-Derňewiň merkezinde ykdysady gurluş durýar
Derňewiň haýsydyr bir jemgyýetçilik ýa-da dini işjeňlik boýunça däl, eýsem güman edilýän guramanyň iýerarhiki we ykdysady taýdan girdeji maksatly jenaýat guramasy hökmünde işläp, işlemeýändigine gönükdirilendigi habar berildi.
Jenaýanat işiniň guramaçylykly maliýe jenaýatlarynyň çäginde derňelýändigi we şübhelenilýänlere garşy aýyplamalaryň galplyk, pul aklamak, ýokary maýaly kompaniýalar arkaly adatdan daşary pul amallaryny amala aşyrmak we täjirçilik möçberinde milliardlarça lira bilen baglanyşykly kanun bozmalary öz içine alýandygy mälim edildi.
Derňew işinde käbir kompaniýalaryň maliýe gurluşlary bilen olaryň amala aşyran pul amallarynyň arasynda adatdan daşary gatnaşyklaryň bardygy bellenilýär.
-MASAK derňewi giňeldilýär
Maliýe jenaýatlaryny derňemek boýunça geňeş (MASAK) tarapyndan taýýarlanan maliýe seljermeleriniň hem derňewiň çäginde barlanýandygy mälim boldy.
Derňewdäki günäkärlemelere görä gurama bilen baglanyşykly hasaplanýan käbir raýatlar we kompaniýalar arkaly 100 milliard liradan gowrak puluň daşary ýurtlara geçirilendigi barada kesgitlemeler derňelýär.
Şol mukdaryň we pul geçirimleriniň jenaýatçylykly girdejiler bilen baglanyşygynyň geçiriljek maliýe we kazyýet derňewleriniň netijesinde gutarnykly kesgitlenjekdigi mälim edildi.
Şeýle hem, daşary ýurtlardan gelýän pul geçirimleriniň barlanýandygy we pul akymyna Ysraýylyň gatnaşygy baradaky günäkärlemeleriň derňewiň çäginde barlanýandygy mälim edildi.
- Kompaniýalara we aktiwlere garşy görülen çäreler
Derňew işiniň çäginde jenaýatçylyk arkaly gazanylan girdejini goramak we jemgyýete ýetiriljek ähtimak zyýanyň öňüni almak üçin käbir kompaniýalara we aktiwlere konfiskasiýa hem-de beýleki gorag çäreleriniň görülendigi habar berildi.
Kompaniýalara we aktiwlere garşy bu çäreleriň gerimi maliýe barlaglary tamamlanandan soň anyklanar.
- Derňew dini hyzmatlara gönükdirilen däl
Beýleki tarapdan, derňew işiniň çäginde dini hyzmatlar bilen meşgullanýan haýsydyr bir gurama ýa-da dini hyzmatlara hiç hili çäre görülmändigi mälim boldy.
Ankarada başlan operasiýanyň şübhelileri ele salmak we maliýe delillerini ýygnamak üçin dowam edýändigi habar berilýär.
Derňewiň gerimi MASAK hasabatlarynyň, kompaniýanyň hasabatlarynyň, bank amallarynyň we beýleki kazyýet delilleriniň barlanmagyndan soň kesgitlener.

















