Saud Arabystanynyň Energetika ministrligi ýurduň gündogaryndaky Ras Tanura şäherinde heläkçilige uçran dikuçaryň düzümindäki 14 adamyň ählisiniň ýogalandygyny aýan etdi.
Saud Arabystanynyň döwlet habarlar agentligi SPA-nyň habaryna görä, nebit ägirdi “Aramco” kompaniýasyna degişli dikuçar ýekşenbe güni Saud Arabystanynyň gündogar kenarynda, Ormuz bogazynyň günbatarynda ýerleşýän Ras Tanura şäherinde heläkçilige uçrady.
SPA heläkçiligiň sebäbini anyklamak üçin degişli edaralaryň gatnaşmagynda derňew işiniň başladylandygyny we heläkçiligiň sebäbiniň heniz anyklanmandygyny habar berdi.
“Aramco” kompaniýasy dört aýa golaý dowam eden bökdençlikden soň, anna güni Ras Tanura terminalynda çig nebit ýüklemek işini täzeden başlady.
Saud Arabystanynyň gündogar kenarynda ýerleşýän Ras Tanura ýurduň iň möhüm nebit gaýtadan işleýän we eksport merkezleriniň biridir.














