DÜNÝÄ
2 minut okamak
Russiýanyň Goranmak ministrligi: Bir gijede 660 ukrain dronuny urlup düşürildi
Rus resmileri urşuň başlanmagyndan bäri iň uly howa hüjümleriniň birinde Russiýanyň howa goranyş ulgamlarynyň bir gijede 660 ukrain dronunyň öňüniň alnandygyny beýan etdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi: Bir gijede 660 ukrain dronuny urlup düşürildi
Russiýanyň Goranmak ministrligi: Bir gijede 660 ukrain dronuny urlup düşürildi / Reuters

Russiýanyň Goranmak ministrligi howa goran ulgamlarynyň bir gijäniň dowamynda 660 ukrain dronuny urup düşürendigini habar berdi. Bu san çaknyşygyň başlanmagyndan bäri hasaba alnan iň ýokary görkezijileriň biridir.

Ministrlik anna güni Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki Max platformasynda çap edilen beýanatda dronlaryň Russiýanyň paýtagty Moskwa, anneksirlenen Krym ýarym adasy, Gara deňz we Azow deňzi ýaly ençeme ýerde ýok edilendigini amälim etdi.

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin paýtagta tarap barýan azyndan 47 dronuň öňünin alnandygyny aýtdy.

"Gyssagly ýagdaýlar gullugynyň hünärmenleri harabalyklaryň düşen ýerlerinde işleýärler" diýip, ýazan Sobýanin, Telegram arkaly beren habarnamasynda pidalar ýa-da çekilen ýitgi barada maglumat bermedi.

Tula welaýatynyň gubernatory Dmitriý Milýaýew Moskwanyň takmynan 180 km günortasynda ýerleşýän Tula sebitine hem "uly möçberli" dron hüjüminiň amala aşyrylandygyny aýtdy.

Milýaýew Telegram arkaly beren habarnamasynda: "Şekino etrabyndaky ilatly zolakdaky hususy ýaşaýyş jaýyna zeper ýetdi we bir zenan ýaralandy" diýip, ýazdy.

Ukraina soňky aýlarda Russiýa garşy uzak aralykly dron hüjümleriniň depginini güýçlendirdi. Ukraina, esasanam, Russiýanyň energetika infrastrukturasyny nyşana alýar we Kremli bäş ýyldan bari dowam edýän uruşda, çykdajylaryny maliýeleşdirmek üçin ulanýan esasy girdeji çeşmesinden mahrum etmek isleýär.

Geçen hepde Ukrainanyň hüjümi netijesinde Moskwanyň günorta-gündogaryndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodda ýangyn bolupdy.