Ukrainanyň Harby ýesirler merkezi penşenbe güni sosial media arkaly beren habarnamasynda “Ýesir çalşygy ylalaşygynyň çäginde ýogalan 522 esgeriň jesedi Ukraina yzyna berildi” diýdi.
Rus parlamentar Şamsail Saraliýew, rus habarlar gullugy RBJ habarlar gullugyna beren beýannamasynda Russiýanyň 33 esgeriň jesedini kabul edip alandygyny aýtdy.
Ukraina bolsa Russiýa yzyna berlen esgerleriň jesedi hakynda hiç hili maglumat bermedi.
2022-nji ýylda başlan söweşden soň Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda ýesir çalşygy we ýogalan jesetleriň yzyna berilmegi boýunça edilýän hyzmatdaşlyk dowam edýär.
















