Eýranyň ýokary derejeli resmisi “Reuters” agentligine ABŞ bilen taýýarlanýan özara düşünişmek baradaky memorandumyň gutarnykly taslamasynyň Tähranyň ýadro programmasyndan başlap, Ormuz bogazynyň täzeden açylmagyna we ABŞ-nyň nebit sanksiýalaryndan boşadylmagyna çenli dürli ugurlary öz içine alýandygyny aýtdy.
Resmi iki tarapyň hem ylalaşygyň taslamasyny tassyklan halatynda, gutarnykly ylalaşygyň 60 günüň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Taslama aşakdaky ugurlary öz içine alýar:
Ormuz bogazy
Eýran Ormuz bogazyny ähli söwda gämileri üçin dessine açar. ABŞ Eýranyň portlaryna goýan deňiz blokadasyny aýyrar.
Maliýe çäreleri
ABŞ gutarnykly ylalaşyga gelinçä Eýrana täze sanksiýalary girizmezligi kabul eder.
Waşington Eýrana nebit sanksiýalaryndan wagtlaýyn boşatmak mümkinçiligini berer. Ol bolsa Tährana nebit satmaga we satuw girdejilerini ýygnamaga mümkinçilik berer.
ABŞ şeýle hem dürli usullar arkaly, şol sanda göni nagt pul geçirimleri, sebit ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we maliýe karz liniýalary arkaly doňdurylan Eýranyň 25 milliard dollarlyk aktiwlerini boşatmaga kabul eder.
Ýadro meseleleri
Tähran ýadro ýaraglaryny öndürmezlige ýa-da satyn almazlyga kabul eder.
Eýran gutarnykly ylalaşyga gelinýänçä urany baýlaşdyrmazlyk we ýadro desgalaryny giňeltmezlik bilen bagly häzirki ýadro status-kwosyny gorap saklar.















