Egeý eksportçylar bileleşiginden berlen beýannama göra, Türkiýe limon eksportunda dünýäde 5-nji orny eýeleýär.
Egeý Ter gök we miwe önümleri eksportçylar bileleşiginiň başlygy Jengiz Balyk, eksportyň mukdar taýdan azalandygyny, girdeji taýdan bolsa artandygyny nygtady.
Türkiýeden 2025-nji ýylda 3 milliard 703 million dollarlyk ter gök we miwe önümleriniň eksport edilendigini aýdan Balyk, girdejiniň 11 göteriminiň limondan gazanylandygyny ýatlatdy.
Maksat 500 million dollary geçmek
Egeý Ter gök we miwe önümleri eksportçylar bileleşiginiň başlygy Jengiz Balyk, ýanwar-aprel aýlaryny öz içine alýan döwürde limon eksportunyň 18 göterim artyp 165 million dollardan 195 million dollara ýetendigini belledi.
Jengiz Balyk “2026-njy ýylyň ahyryna çenli limon eksportunda 500 million dollary geçmegi maksat edinýäris” diýdi.
Türkiýäniň 2002-nji ýylda 230 müň tonna limon eksport edendigini aýdan Balyk 2024-nji ýylda bolsa şol sanyň 577 müň tonna ýetendigini ýatlatdy.
4 aýda iň köp limon eksport edilen ýurtlaryň sanawynda Yrak, Russiýa we Ruminiýa esasy orun eýeledi.
Yrak eksport sanawynda 64,5 million dollar bilen birinji orny eýeledi. Sanawda Yrakdan soň 50 million dollar bilen Russiýa ikinji, 14,5 million dollar bilen Ruminiýa bolsa üçünji orny eýeleýär.




















