YKDYSADYÝET
1 minut okamak
Senagat önümçiligi artdy
Senagat önümçiligi aprel aýynda aýlyk 3,7, ýyllyk 6 göterim artdy.
Senagat önümçiligi artdy
Senagat önümçiligi artdy

Türkiýäniň Hasabat guramasy aprel aýyna degişli senagat önümçiliginiň indeksi boýunça görkezijilerini çap etdi.

Senagat önümçiligi aprel aýynda geçen ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende 6 göterim artdy.

Senagat indeksi hem ýyllyk soňky 8 aýyň iň ýokary çägine çenli baryp ýetdi.

Indeks soňky gezek 2025-nji ýylyň awgust aýynda 7,1 göterim artypdy.

Senagatyň kiçi pudaklary seljerlende aprel aýynda magdançylyk pudagynyň indeksi geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 2,8 göterim azaldy.

Önümçilik pudagynyň indeksi 6,8, gaz, bug we klimatlandyryş pudagynyň önümçiligi we paýlanyş pudagynyň indeksi 1,8 göterim artdy.