Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Ukrainanyň guraýan hüjümleriniň ýurdunyň ykdysadyýetine zeper ýetirýändigini emma Russiýanyň hötdesinden gelýändigini aýtdy.
Putin anna güni Russiýa-Ukraina söweşine gatnaşan esgerler bilen geçiren duşuşygynda “Elbetde bize zeper ýetirýärler, emma biz hötdesinden gelýäris. Biziň uly kynçylygy başdan geçirmegimize sebäp bolup bilmezler” diýdi.
Moskwanyň Ukrainadaky söweş üçin ulanýan “ýörite harby operasiýasy” zolagyndaky rus esgerleriniň sanynyň 700 müňden geçendigini aýdan Putin, ýurdunyň Günbatarly ýurtlara garşy ýeke-özüniň göreşýändigini nygtady.
Rus güýçleriniň Ukrainada isleýşi ýaly öňe gidip bilmeýändigini kabul eden Putin, harby güýçleriniň her gün tapgyrlaýyn ýagdaýda öňe barýandygyny aýtdy.
Putin, “Topraklarymyzy ýuwaş-ýuwaşdan gözegçilik astyna alýarys. Hiç kim şübhe etmesin” diýdi.
Rus lideri Putin “Ukrainanyň infrastrukturamyza guraýan hüjümleriniň öňüni almak maksady bilen hüjümlerimiziň depginini tapgyrlaýyn artdyrarys” diýdi.



















